Hamaneý: “Ýadro ylalaşygy taraplardan biri çekilýänçä dowam eder”

Eýranyň dini lideri Aýatullah Ali Hamaneý 2015-nji ýylda gol çekişilen ýadro ylalaşygyny taraplardan biri çekilmän halatynda berjaý etjekdiklerini aýtdy

Hamaneý: “Ýadro ylalaşygy taraplardan biri çekilýänçä dowam eder”

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň 13-nji oktýabrda beren beýannamasynda: “Eger Kongres we hyzmatdaşlarymyz bilen çözgüt tapyp bilmesek bes ediler” diýen ýadro ylalaşygy barada Eýranyň dini lideri Aýatulla Hamaneý hem garaýyş beýan etdi.

Paýtagt Tähranda talyplaryň öňünde çykyş eden Hamaneý taraplardan biri çekilmän halatynda özleriniň ylalaşygy berjaý etjekdigini nygtady.

Hamaneý: “Ylalaşygy ilkinji bozan biz bolmarys. Emma ylalaşyk bozulan halatynda ony ýyrtyp, zyňarys” diýdi.

Hamaneý Ýewropa ýurtlarynyň Eýran bilen P5+1 arasynda 2015-nji ýylda gol çekişilen ýadry ylalaşygyny goldamagyna hoşallyk bildiren hem bolsa: “Ýewropa Eýranyň ýadro maksatnamasyna we resmi Tähranyň sebitleýin syýasatlaryna goşulyşmagy bes etmeli” diýdi.

Aýatulla Hamaneý: “ABŞ-nyň gödek prezidentiniň boş sözlerine goh-galmagalyna jogap berip, wagt ýitirmek islämok” diýdi.

“ABŞ-nyň DAİŞ-i döreden we halkara sionizmiň içalysydygyny” aýdan Hamaneý; “ABŞ gaharly, çünki resmi Tähran Waşingtonyň Liwandaky, Yrakdaky we Siriýadaky meýilnamalaryny puja çykardy” diýdi.



Degişli Habarlar