Fransiýadaky umumy saýlawlaryň ikinji tapgyry tamam boldy

Resmi bolmadyk netijelere görä Prezident Emmanuel Makron ýeňiş gazandy

Fransiýadaky umumy saýlawlaryň ikinji tapgyry tamam boldy

Makronyň ýolbaşçylygyndaky Respublikan ýöriş hereketi partiýasy bilen Demokratiýa hereketi partiýasy Milli mejlisde deputatlaryň köplügine eýe boldy.

Ady agzalan partiýalaryň 577 deputatlyk mejlisiň 350-sine eýe bolmagyna garaşylýar.

Şeýlelik bilen Makron saýlaw kampaniýasynda söz beren ykdysady we sosial özgerlişikleri durmuşa geçirmek üçin gerek bolan köplüge eýe boldy.

Umumy saýlawda esasy ýeňilen taraplar bolsa aşa sagjylar we aşa çepçiler boldy.

Aşa sagjylaryň wekili bolan Milli front partiýasynyň lideri Marin Le Pen syýasy karýerasynda ilkinji gezek depuatatlyga saýlandy.

Umumy saýwalara bolan gatnaşyk bolsa Fransiýa Respublikasynyň taryhynyň iň pes derejesindedi.

Saýlawçylaryň 55 göterimden gowragy saýlawlara gatnaşmady.



Degişli Habarlar