Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan tapan Türkiýe bilen baglanşykly habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

Daşary ýurt metbugatyna syn

 

Russiýanyň Sesi radiosy: Prezident R. T. Erdoganyň Çehiýanyň ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýada bölegi PÝD-ÝPG-niň ýolbaşçynyň boşadylmagy baradaky kararynyň Çehiýany terrora goldaw berýän ýurt ýagdaýyna getirendigi hakyndaky sözlerine ünsi çekdi.

Makedoniýanyň “Nowa Makedoniža” gazeti “Türkiýe ABŞ-nyň Ysraýyldaky ilçihanasyny Iýerusalime göçürmek kararynyň parahatçylyga zeper ýetirjekdigini mälim etdi”diýip ýazýar.

ABŞ-nyň CNN halkara habar kanaly: Prezident R. T. Erdoganyň Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini we Siriýadaky soňky wakalar bilen iki taraply gatnaşyklar barada pikir alyşandygyny habar berdi.

Russiýanyň Ria Nowosti habarlar gullugy: “Türkiýe, ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagonyň Ankara bilen Waşingtonyň Siriýanyň Afrin etrabynda dartgynlygyň azaldylmagy barada gepleşik geçirendigi hakyndaky habarlaryň hakykaty beýan etmeýändigini aýan etdi”diýip habar berýär.

Eýranyň Fars habarlar gullugy: Prezident Erdogan bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini, iki lideriň telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen birlikde sebitara we halkara meseleler barada pikir alyşandygyny mälim etdi.

Britaniýanyň BBC ýaýlym guramasy: Yragyň Kerkuk nebitini ýaňadandan Türkiýäniň üstaşyr esport etjekdigini habar berýär.

Germaniýanyň DPA gullugy Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň 7-nji martda çarşenbe güni dünýäniň iň uly syýahatçylyk sergisi bolan Halkara Berlin syýahatçylyk sergisine gelip görjekdigini aýan edýär.

Eýranyň Fars habarlar gullugy geçen ýyl Eýranly 2,5 million adamyň Türkiýede dynç alandygyny habar berýär we Eýran Türkiýä iň köp syýahatçy ugradan ýurtlaryň sanawynda Germaniýadan soň ikinji ýerde durýar.



Degişli Habarlar