Goranyş Pudagynyň Milli Taslamalary 06

MİLLİ WE ÖZBOLUŞLY UÇARMANSYZ HOWA ULAGLARY WE ÝARAGLY UÇARMANSYZ HOWA ULAGLARY

Goranyş Pudagynyň Milli Taslamalary 06

Goranmak senagatynda öndürilen milli we özboluşly uçarmansyz howa ulaglary we ýaragly uçarmansyz howa ulaglary, bu ugurda Türkiýäniň dünýäniň iň öňde baryjy ýurtlaryň hataryna girmegi üpjün etdi.

Indi bolsa Türk Harby-iş kärdeşler arkalaşygynyň Bilim müdüzri Tarkan Zenginiň şu günki temamyz bilen bagly synyny dykgatyňyza ýetirmekçi...

Türkiýe bir tarapdan goranmak pudagynda örän möhüm strategik önümleri öndürýän bolsa, beýleki tarapdan global bäsleşikde ýurdumyzy öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna goşjak goranyş önümlerini ýerli we milli mümkinçilikler bilen öndürip geljege ynamly ädimler bilen barýar. Türkiýe bu ugurda ýerine ýetiren işleri bilen, garaşsyz syýasat alyp barmak bilen bir hatarda, satan önümleri bilen ýurdyň ykdysadyýetine uly girdejiler getirýär. Türkiýäniň uçarmansyz howa ulaglary öndürmek hekaýasam bir tarapdan garaşlylykdan azat bolmagyň, beýleki tarapdan bolsa ykdysadyýete täze girdejiler getirmegiň hekaýasydyr. Türkiýäniň inwentaryna 1990-njy ýyllaryň başynda giren ilkinji uçarmansyz howa ulaglary Ysraýyl tarapyndan öndürilen Heron bilen ABŞ tarapyndan öndürilen GNAT modelleri bolupdy. GNAT-yň döwrebap görnüşleri bolan Predator we Repaer ýaragly uçarmansyz howa ulaglary, 2000-nji ýyllaryň başynda ABŞ-niň Kongresi tarapyndan Türkiýä satylmagyna rugsat berilmedi. Şol sebäpli Türkiýe milli uçarmansyz howa ulaglaryny öndürmek etabyna girişdi. Şu günki gün Türkiýede ýerli we milli uçarmansyz howa ulaglary Anka we Baýraktar ulanylýar.

Goranmak senagatynda öndürilen uçarmansyz howa ulaglary we ýaragly uçarmansyz howa ulaglary bu ugurda Türkiýäni dünýäniň sanalgyja ýurtlarynyň hataryna goşmagy üpjün etdi. Türkiýe şu gün milli tehnologiýa ugrunda iş alyp barýan täsirli adam güýjüne eýe bir ýurt. Mümkinçilik berilen mahaly ýaşlarymyzyň nämeler edip biljekdigine şaýat bolýarys. Goranyş pudagy uzak möhletli maksatnamalar goýup, sabyrlylyk bilen işläp, netije alyp bolýan bir pudak.

Şu gün milli uçarmansyz howa ulaglarynda we ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynda soňky 10 ýylda gazanan üstünliklerimiz uzak möhletleýin strategik maksatlaryň netijesidir.  

Uçarmansyz howa ulaglarynyň we ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň önümçiligi boýunça uly işler eden Baýkar grup kärhanasyndan Selçuk Baýraktar, uçarmansyz howa ulagy hekaýasyny şeýle gürrüň berýär: “Türkiýäniň uçarmansyz howa ulaglary hekaýasy elde ýasalan Mini uçarmansyz howa ulaglary bilen başlady. Mini uçarmansyz howa ulaglaryndan başlap toparymyz bilen meýdanda esgerler bilen bilelikde serhet zolaklarynda uçarlaryň uçýan ýerlerinde iş alyp bardyk. Mini uçarmansyz howa ulaglary gören zatlaryny edil şol bada birleşdirip karta öwürip bilmek aýratynlygyna eýedi. Bu aýratynlyk dünýäde hiç bir uçarmansyz howa ulagynda ýokdy. Ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynda dünýädäki hiç bir uçamansyz howa ulagynda bolmaýan aýratynlyk bar. Uçarmansyz howa ulaglarymyz soňky 1 ýyl bäri Ýewfrat galkany operasiýasy bilen birlikde başgada ençeme ýerde biri-birinden tapawutly kynçylyklara sezewar galýar” diýdi.

 

BAÝRAKTAR MİNİ UÇARMANSYZ HOWA ULAGY we BAÝRAKTAR TAKTİK UÇARMANSYZ HOWA ULAGY

2007-nji ýylda Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň düzümine girizilen ilkinji milli howa ulaglary Mini uçarmansyz howa ulaglar Baýkar grup kärhanasy tarapyndan öndürildi. Baýkar grup kärhanasy soň bolsa Taktik uçarmansyz howa ulagyny öndürmäge başlady. Topar Mini uçarmansyz howa ulagynyň we Taktik uçarmansyz howa ulagynyň aýratynlyklaryny şeýle gürrüň berýär: Baýraktar Mini uçarmansyz howa ulagy dolulygyna özboluşly we milli ýagdaýda öndürilip: elektronik, programma üpjünçiligi we strukturlaýyn komponentler bilen Türkiýäniň ilkinji mini robot howa ulagy ulgamydyr. Ol şu günki güne çenli 100 000-den gowrak gezek uçuş ýerine ýetirdi. Ulgamy kyn geografik we meteorologik şertlerde hem ulanyp bolýar.

Taktik uçarmansyz howa ulagy ulgamy milli we özbaluşly, doly awtomatik uçuş aýratynlygyna eýe. Taktik uçarmansyz howa ulagy üç goşmaça uçuş gözegçilik ulgamyna, özboluşly nawigasiýa we sensor birleşme gollanmalaryna eýe bolan, dünýäde iň döwrebap tehnologiýalar boýunça önüdrilen gözegçilik we razwedka ulagydyr. Uçuş synaglary 2009-njy ýylyň sentýabr-oktýabr aýlary aralygynda resmi wekiliýetiň gatnaşmagynda üstünlikli ýagdaýda ýerine ýetirildi.

 

HARBY OPERASIÝALARDA ÖRÄN TÄSIRLI ÝAGDAÝDA ULANYLDY

Türkiýäniň hem ýurdyň öz içinde hem-de daşary ýurtlarda alyp barýan terrora garşy operasiýalaryň üstünlikli geçmeginde uçarmansyz howa ulaglarynyň we ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň örän uly paýy bar. Bayraktar TB2 uçarmansyz howa ulaglary 2015-nji ýyldan bäri terrora garşy operasiýalarda ulanylýar. Bayraktar TB2 uçarmansyz howa ulaglary sesini eşitdirmän, özüni görkezmän, beýiklikde, jikme-jik maglumat almak aýratynlygyna eýe. Bayraktar TB2 uçarmansyz howa ulaglary esasan hem Ýewfrat galkany we Zeýtun şahajygy operasiýalarynda gözegçilik, razwedka işlerinde ulanyldy. Bayraktar TB2-ler şu günki güne çenli ençeme terrorçynyň anyklanmagynda we täsirsiz ýagdaýa getirilmeginde ulanyldy. Zeýtun şahajygy operasýasynda harby toparlaryň öňündäki howplar we terrorçylar tarapyndan ulanylan gaçybatalgalar, tuneller we gowaklar uçarmansyz howa ulaglary tarapyndan anyklandy. Anyklanan ençeme howp we terrorçy ýaragly uçarmansyz howa ulaglary bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Uçarmansyz howa ulaglarynyň we ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň täsirini artdyrjak täze tehnologiýalar öndürilýär. Baýkar grup kärhanasy we hyzmatdaşlary KUZGUN atly mobil göni ýaýlym programma üpjünçiligini oýlap tapdy. Ol ilkinji gezek Efes 2018 harby türgenleşiginde ulanyldy. Kuzgun uçarmansyz howa ulaglaryndan gelýän göni ýaýlymy, mobil enjamlaryň üsti bilen görip bolýar. Häzirki wagtda harby birikmelerde gözden geçirilýän uçarmansyz howa ulaglarynyň we ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň maglumatlaryny mundan beýläk, Kuzgun gollanmasynyň üsti bilen sebitde operasiýa geçirýän howpsyzlyk güýçleri tarapyndan hem görülip biliner. Şeýlelik bilen sebitdäki howpsyzlyk güýçlerine maglumat berilip, terrora garşy göreşde has täsirli operasiýa geçirip bolar. Uçarmansyz howa ulaglary tehnologiýasynda dünýäniň sanalgyja ýurtlarynyň arasyna giren Türkiýäniň bu ugurdaky täze maksady uçarmansyz uçar taslamasydyr. Gysga wagtyň içinde uçarmansyz howa ulaglarynda uly üstünliklere eýe bolan Türkiýe täze maksadyny durmuşa geçirmek mümkinçiligine eýedir.    



Degişli Habarlar