Türk Daşary Syýasatyna Syn 03

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri, Dr. Jemil Dogaç Ipegiň Türkiýe-ÝB gatnaşyklary baradaky synyny dykgatyňyza ýetirmekçi

Türk Daşary Syýasatyna Syn 03

 

Türkiýe Respublikasy 2017-njy ýylyň dowamynda ÝB bilen gatnaşyklarynda düpli düşnüşmezlikleri başdan geçirdi. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynda geçen ýyl başdan geçirilenleri we 2018-nji ýylyň gün tertibini analiz etmekçi.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri, Dr. Jemil Dogaç Ipegiň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirmekçi.

Türkiýe 2017-njy ýylyň dowamynda ÝB bilen gatnaşyklarynda düpli düşnüşmezlikleri başdan geçirdi. Aslyna seredilende Türkiýe-ÝB gatnaşyklary 2016-njy ýylda hem öwerlik däldi. 2017-nji ýylda hasam dartgynlaşan gatnaşyklar taryhyň iň aşak çägine düşdi, diýsek ýalňyşmarys. Esasanda 2017-nji ýylyň birinji ýarymy dartgynlyň depgininiň güýjän wagty boldy. Özara gatnaşyklar şol döwürde iki taraply günäkärlemeler görnüşinde media organlarynyň üsti bilen dowam etdirildi. Onuň esasy sebäbi 2016-njy ýyldan miras galan meselelerdi. Emma bar bolan düşnüşmezlikleriň ýanynda 2017-nji ýylyň getiren täze çekeleşikleri we düşnüşmezlikleri hem oňa urna boldy. Şeýlelikde meseleleriň çözülmegi hasam hem kynlaşdy.

2017-nji ýylda gatnaşyklary dartgynlaşdyran esasy waka birnäçe Ýewropa ýurdunda geçirilen saýlawlar boldy. Şol saýlawlaryň netijesinde Ýewropa ýurtlary aşa sagçy diskurslara ýeňildi. 2017-nji ýylyň martynda Gollandiýa, aprelinde Fransiýa, iýunynda Britaniýa, sentýabrda Germaniýa we oktýabrda Awstriýa saýlaw geçirdi. Şol saýlawlarda aşa sag partiýalar uly üstünlik gazandylar. Şeýlelikde Ýewropa ýurtlarynda syýasy we jemgyýetçilik şertlerde aşa sag düşünje bolan ymtylmalar hasam güýçlendi. Ýewropada syýasat alyp barýan esasy syýasy akymlar hem onuň täsirinde galdy. Şol ýurtlardaky saýlaw tapgyrlarynda “Türkiýe we Prezident Erdogana garşy” berk diskurslaryň bardygyny gördük. Esasanda Gollandiýa, Germaniýa, Awstriýa ýaly aşa sagyň güýçli bolan ýurtlarynda Türkiýe we Türkiýäniň ÝB-ne agzalygy saýlaw serişdesine öwrüldi. Ol bolsa onsuz hem dartgynly bolan gatnaşyklaryň hasam ýaramazlaşmagyna sebäp boldy.

ÝB-niň esasy ýurtlaryndaky saýlaw tapgyrynda Türkiýäniň syýasy kampaniýa serişdesine öwrülmegi türk jemgyýetçiliginde berk reaksiýa emele getirdi. Gollandiýadaky saýlaw kampaniýasynyň dowamynda Türkiýeden gelen ministrlere we halk deputatlaryna bolan erbet çemeleşme türk jemgyýetçiliginiň berk garşylygyna sezewar boldy.

Terror meselesinde-de ýüze çykan düşnüşmezlik özara gatnaşyklardaky dartgynlygy artdyrdy. ÝB-ne agza ýurtlaryň käbirleri Türkiýäniň howp hökmünde görýän terror guramalaryna goldawyny dowam etdirdi. Käbir agzalar bolsa terror guramalarynyň öz ýurtlaryndaky işlerine göz ýumdu. Bularyň ählisi 2017-nji ýylda-da gatnaşyklaryň dartgynly dowam etmegine sebäp boldy.

15-nji iýuldaky netijesiz agdarlyşyk synanşygyndan soň käbir Ýewropa ýurtlara gaçan FETÖ agza terrorçylarynyň yzyna berilmezligi Türkiýe üçin garaşylmadyk waka boldy. Ol özara gatnaşyklardaky ynam meselesini hasam agyrlaşdyrdy.

Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda bosgunlar meselesi baradaky Bosgunlaryň yzyna kabul edilmegi hakyndaky ylalaşyk we wiza erkinligi boýunça 2017-nji ýylda haýsydyr bir öňegidişlik bolmady. ÝB wiza erkinligi boýunça garaşylýan başlangyçlary 2017-nji ýylda-da etmedi we gepleşikler çykgynsyzlaşdy. Türkiýe bosgunlar boýunça borçlaryny berjaý etdi. Emma kesgitlenen 72 kriteriýadan 7-sini ýerine ýetirmändigi sebäpli Türkiýe üçin wiza erkinligi baradaky karar kabul edilmedi. Esasanda 7 maddanyň hatarynda terrorçylyga garşy göreş kanunynyň üýtgedilmeginiň bolmagy häzirki şertlerde mantykly isleg däl. Çünki Türkiýe PKK, DAIŞ, FETÖ ýaly dürli terror guramalaryna garşy göreşýär. Şol hakykatlar göz öňüne tutulanda ÝB-niň şol islegi hakykata laýyk däl.

2017-nji ýylyň soňky günlerinde Germaniýanyň Daşary işler ministri Sigmar Gabriel geň bir beýanat berdi. Gabriel Brexiti göz öňünde tutup, “Türkiýe we Ukraina bilen hem şuňa meňzeş modeliň ýola goýlyp bilinjekdigini” aýtdy. Entek ÝB-ne dalaşgär hem bolmadyk Ukrainanyň Türkiýe bilen şol bir çarçuwa degişli edilmegi diýseň geň. Şol beýanatlarda belli bolşuna görä 2018-nji ýylyň dowamynda “ygtyýarly hyzmatdaşlyk” meselesinde täze bukjasy bilen ýene-de bir gezek Türkiýäniň öňüne goýular. Türkiýe şol ähtimallyk üçin taýarlyklaryny görmeli.

Türkiýe-ÝB gepeleşiklerinde soňky gezek Maliýe we býujet hökümleri ugry 2016-njy ýylyň 30-njy iýunynda açylypdy. Şeýlelikde 1,5 ýylda açylan täze bir barlag seljeriş ugry bolmady. Germaniýanyň nygtaýşy ýaly Türkiýe üçin Brexite meňzeş model göz öňünde tutuljak bolsa 2018-nji ýylda hem täze barlag-seljeriş ugurlary açylmaz. Ol hem gatnaşyklaryň has-da dartgynlaşmagyna sebäp bolar.



Degişli Habarlar